
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, dikeltmek hem bejermek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler giň gerimde alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär.
Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar, ruhubelent durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şundan ugur alýan hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany bolan ilkinji günlerinden jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga gönükdirilen çäreleri giňden ýaýbaňlandyrdy. Şunuň bilende baglylykda, eziz Diýarymyzda “Bütindünýä saglyk güni”, “Bütindünýä donorlar güni”, “Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” ýaly belli günler giňden bellenilip geçilýär. Şeýle-de, ynsan saglygyny goramak maksady bilen dürli keselleriň öňüni almagy ilat arasynda wagyz etmek üçin biraýlyklar meýilnama esasynda guralýar.
Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleriniň sagaldyş we terbiýeçilik babatdaky ähmiýetinden başga-da, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly garamak hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda aň-bilim, wagyz etmek wezipesini hem ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Sebäbi, arassa ekologiýa we sagdynlyk ýaly düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.
Goý, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Göwher OTUZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.