Buýsançly köňüller

Ählumumy ekologik tagallalara goşant

25-02-2025 / 53

Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy dünýä derejesinde aýratyn üns berilýän meseleleriň biri. Her döwlet öz çäginde daşky gurşawyň abatlygyny, howanyň, suwuň, topragyň arassalygyny üpjün etmek barada alada edýär. Biziň ýurdumyzda ekologiýany gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletiň aýratyn üns berýän derejesine çykaryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tebigata söýgi türkmen halkynyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny, ýörelgelerini döredipdirler. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki wagtda has-da ilerledilip, daşky gurşawy goramak, ekologiýa bilen bagly meselelere döwlet syýasaty derejesinde uly üns berilýär. Bu syýasatyň esasy maksady raýatlaryň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna hem-de daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligi hakynda kada berkidilendir. Şoňa görä, bu ugurdaky kanunçylyk döwrüň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda, beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarda tassyklanylan ugurlaryň çäklerinde biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ekologiýa meselesi babatdaky milli strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak babatda öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dürli ýyllarda BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny, halkara kölleri goramak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna goşuldy. Şeýle-de döwletimiz Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän beýleki taslamalaryň onlarçasyna gatnaşýar.

Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Aýnur ARAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu