Buýsançly köňüller

Sanly ykdysadyýet — batly ösüşiň guraly

25-02-2025 / 29

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmeklik halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga, bilim jemgyýetini, onuň maglumat giňişligini kemala getirmäge, ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi durmuş we ykdysady çygyrlary dolandyrmagyň ulgamlaryny kämilleşdirmekden gözbaş alyp, degişli ugurda gazanylýan üstünlikler her birimizi guwandyrýar.

Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk iň täze ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy, ösen tehnologiýalaryň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň özi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr.

Sanly ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýdyň şöhlelenýär. Bu strategiýa halk hojalygynyň düýpli özgerdilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyny, iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Dünýä ykdysadyýetinde sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, elektron senagaty ösdürmek işi milli sanly platformalar esasynda sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipelerini öňe sürülýär. Ykdysadyýetiň ösüşini sanly tehnologiýalar arkaly tizleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini we görnüşini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, jemgyýetçilik durmuşynyň ösmegi, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy üçin tagalla edýän, Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Orazgeldi GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu