Buýsançly köňüller

Ýaşlar — geljegi gurujylar

25-02-2025 / 29

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygyndadyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar naýbaşy orunda durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň beýanydyr.

Ýaşlara ähli döwürde-de ýurduň geljegi hökmünde garalyp, bitirilýän beýik işleriň ählisi olaryň röwşen ertirleriniň bähbidine gönükdirilipdir. Diýarymyzda amal edilýän islendik işde ata Watanymyzy bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslemekde ýaş türkmenistanlylaryň paýynyň uludygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri peşgeş bermegi ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsanç duýgularyna gaplady. Bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berlip, ol ýaşlaryň ylham çeşmesidir, her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.

Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Güljan SERDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu