
Parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri halkymyzyň asyrlarboýy esasy durmuş şygary bolup gelýär. Çünki bu ýörelgeler halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde iň ygtybarly we netijeli çeşmedir. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem şu asylly maksatlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.
Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 30-a golaý Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Diňe 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça 4 sany Kararnama, ýagny «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly resminamalar kabul edildi. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Şeýle hem guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatynyň geçirilip, onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasynyň we onuň hojalyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny, şoňa görä-de, biziň her birimiziň öz borjumyza örän jogapkärli garap, bu çäreleri ýokary derejede geçirmelidigimizi buýsanç bilen nygtady.
Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Agaröwṣen IṢANGULYÝEW,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň başlygy.