Buýsançly köňüller

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

25-02-2025 / 49

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda enäniň we çaganyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň we berkitmegiň, olary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň, maşgala medeniýetini has kämil derejä ýetirmegiň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň aýrylmaz bölegidigi bellenilýär.

«Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» eneleriň we çagalaryň reproduktiw sagdynlyga bolan hukuklaryny ykrar edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde bagtly, bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýar. Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly tagallalarynyň baş maksadydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň döredilenine entek kän wagt geçmedik hem bolsa, onuň hasabyna çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň köp sanlysyna dürli çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik döredilip, häzir bu işler netijeli dowam etdirilýär.

Çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýan çagalaryň, röwşen geljegimiziň gurujylary bolan ýaş nesilleriň saglygy barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun! Goý, ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

Sona KURBANMEDOWA,
Daşoguz şäheriniň 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu