
Turuwbaşdan uly üstünliklere beslenýän şu ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bütin dünýäde parahatçylygyň has-da dabaralanjakdygyndan habar berýär. Şundan ugur alyp, biz hem çagalar bakja-bagymyzda ýylyň şygarynyň astynda okuw-terbiýeçilik işlerini has-da mazmunlaşdyrmak maksady bilen birnäçe çäreleri geçirmäge, okuw-usulyýet işleriniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmäge çemeleşýäris, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, ýylymyzyň ajaýyp şygary mynasybetli okuw-terbiýeçilik, baýramçylyk çärelerine meýilnamalaýyn esasda taýýarlyk görýäris.
Magtymguly Pyragynyň beýan edişi ýaly, bir suprada jem bolup milli toý ruhy, goşa-goşadan gelýän şatlykly wakalar, baýramçylyk şowhunlary bilen garşylanan bu ýylda özüne mynasyp ajaýyp şygaryň astynda biz hem halkymyzyň arasynda bolup, bu şygaryň many-mazmunyny düşündirmäge, halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge borçlanýarys.
Geljekde hem ýurdumyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar körpeleri milli ruhda terbiýeläp, olarda parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli gatnaşyklar, Bitaraplyk derejämiziň ähmiýeti bilen bagly düşünjeler okuw sapaklarynda we gün pursatlarynda öz beýanyny tapar.
Ýurdumyzda yhlasly işläp, zähmet üstünlikleri bilen nesilleriň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmak biziň esasy maksatlarymyz bolmagynda galýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem okuw-terbiýeçilik işlerimizi has-da kämilleşdirip, dürli çäreleri guramagy meýilleşdirýäris. Çünki baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar.
Ajaýyp şygrynda «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýip, parahatçylygy belent heňde wasp edýän we asylly işleri bilen dünýä wagyz edýän Gahryman Arkadagymyza, parasatly pederlerimiziň mukaddes ýörelgesini rowaçlandyryp, merdana milletimiziň milli mertebesini belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Gunça MEŇLIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 19-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň başlygy.