
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar we onuň netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uly öňegidişlikleriň gazanylmagy gysga we uzak möhletlere niýetlenen maksatnamalaryň ýokary netijeliligini görkezýär. Munuň aýdyň mysalyny şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde getirilen maglumatlardan hem görmek bolýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçen 2024-nji ýylda ýokary makroykdysady görkezijiler gazanyldy. Bu döwürde jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Mälim bolşy ýaly, JIÖ ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkezijidir. Şeýlelikde, bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime barabar boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artypdyr.
Ykdysady ösüşi üpjün edýän işjeň gurallaryň arasynda aýratyn orun maýa goýum syýasatyna degişlidir. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artypdyr. Netijede, hasabat döwründe 5 müň 735 sany täze iş orny döredilipdir. Döwletiň maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy halk hojalyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Müňlerçe maşgala ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Mahlasy, köp sanly milli, pudak we sebit ähmiýetli maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistan 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadam basyp, öňde durýan wezipeleri kesgitledi.
Ýurduň maliýe durnuklylygyny häsiýetlendirýän esasy görkeziji Döwlet býujetidir. 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi edara-kärhanalaryň maliýe tertip-düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirýändiklerini görkezýär. Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde durmuş-ykdysady ösüşe mundan beýläk-de kuwwatly itergi berjek möhüm ugurlar üçin serişdeler kesgitlenilýär. Şu ýyl ykdysadyýete 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýum gönükdiriler. Konstitusiýada: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýeti durmuş ugruny nazarlaýar. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna laýyklykda, býujetiň serişdeleriniň 76 göterimden gowragy durmuş ulgamyna gönükdiriler.
Görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýär. Bu ösüşli ýollar bizi has-da guwandyrýar. Şeýle il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Bezirgen ILMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.