
Bütin adamzat taryhyna ser salanymyzda-da, ähli gülläp ösüşler parahatçylykly ýyllarda amala aşyrylandyr. Adamzat parahatçylygy berkitmäge, ynsanlaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga ömürboýy gulluk edendir. Şoňa görä-de, parasatly pederleriň däplerinden gözbaş alýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi bütin dünýäde ykrar edilip, eziz Diýarymyz dünýäde parahatçylygyň ýurdy hökmünde tanalýar.
Şu ýyl bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, biziň çagalar bakja-bagymyzda hem parahatçylygyň ähmiýeti, şu ýylymyzyň mazmuny dogrusynda terbiýelenýän körpelere giňişleýin düşünjeler berilýär. Çagalaryň parahatçylyk bilen goşgularydyr nakyllary höwes bilen öwrenýändigini görmek bolsa juda ýakymly. Şunda çagalar bakja-bagymyzda ýylymyzyň şygary bilen baglanyşykly çeper okaýyşlaryň, sport ýaryşlarynyň, dürli medeni çäreleriň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Biz şeýle giň gerimli çäreleri tutuş ýylyň dowamynda meýilnamalaýyn esasda has-da dabaralandyrarys.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň özenini parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri tutýar. Döwlet Baştutanymyzyň ähli çykyşlaryny, öňe sürýän maksatnamalaryny, çuňňur many-mazmunly eserlerini okap görseň, ynsanlaryň abadan ýaşaýyşlarynyň berk daýanjy bolan parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň şaýady bolýarsyň. Hakykatdan-da, parahatçylygyň ýoly bilen ykballarymyz gül-açýar, öý-ojagymyz dost-doganlygyň, asudalygyň, rysgal-berekediň ojagyna öwrülýär, çagalar erkana ösüp-ulalýar.
Parahatçylyk — bu düşünje giň we çuň. Ol diňe bir biziň däl, eýsem, ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň barlygynyň, dowamlylygynyň nyşany. Ol — howanyň arassalygy, suwlaryň durulygy, asmanyň açyklygy, öýleriň abatlygy, şäherleriň abadançylygy, ýurtlaryň dostlugy. Ol — Zeminiň demi we bezegi. Parahatçylyk — sazlaşyk, ösüş, ýeňiş, ýagtylyk. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Bitarap Türkmenistan» ýaly kitaplarynda çeper beýan edilýär.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün! Dünýäde parahatçylyk taglymatyny wagyz edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Akjemal NURYÝEWA,
Murgap etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.