
Täze taryhy döwrümizde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezip, ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk esaslaryna daýanyp, milli kanun çykaryjylyk ulgamy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär, täze kanunlar kabul edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda bu Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. Degişli resminamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýeleýändigi bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer esaslaryny kesgitleýän, 12 maddadan ybarat bolan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar. Şundan ugur alnyp, geçen ýyllarda konstitusion gurluşyň, milli kanun çykaryjylygy ösdürmegiň, döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamyny döretmegiň we işini ýola goýmagyň gymmatly tejribesiniň toplanandygyny buýsançly bellemek gerek.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen adamzadyň möhüm meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, 2025-nji ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi parahatçylyk taglymatynyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şanly ýylymyzda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy hem uludan belleniler. Watanymyzyň durmuşynda örän uly syýasy waka bolan bu sene hoşniýetli daşary syýasatymyzyň üstünliklerini dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylykdyr.
Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny, at-abraýyny barha belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Suwhan GELDIMYRADOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.