HabarlarKanunçylykSlider

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Kanunçylyk

21-08-2025 / 100

20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda oba hojalyk önümçiliginiň guralyşyny kämilleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini, hilini we möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, ýurduň welaýatlaryndaky etraplardyr obalaryň ýaşaýjylaryndan gelip gowşan haýyşnamalar esasynda täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürledi.

Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurduň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk topary we welaýat häkimlikleri, beýleki degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirjekdiklerine ynandyrdy.

Şeýle hem ol Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Mejlisi we beýleki döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, guramaçylyk topary bilen bilelikde işleri utgaşykly ýola goýup, degişli seljermeleri, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini, onuň resminama-hukuk, syýasy-jemgyýetçilik, guramaçylyk-usuly we üpjünçilik meselelerine degişli işleriň guramaçylykly alnyp baryljakdygyny nygtady.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu