
Himiýa — ylmyň möhüm pudagy. Ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Himiýa ylmynyň ösdürilmeginiň diňe bir himiýa pudagynda däl, senagatyň ähli beýleki pudaklarynda hem köp innowasiýalaryň girizilmeginde uly ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, umumybilim berýän orta mekdeplerde himiýa dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, bu babatda okuwçylaryň bilim-düşünjelerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.
Himiýa — gyzykly ylym. Ol gönüden-göni tebigatyň, daşky gurşawyň, hut durmuşyň özi bilen bagly. Himiýany öwretmegiň nazaryýeti we usulyýeti dersiniň
ýerine ýetirýän wezipesi orta mekdebiň okuwçylarynyň esasy faktlary, düşünjeleri, kanunlary we nazary bilimleri, olary aňlatmagyň himiýa üçin mahsus adalgasyny özleşdirmekleriniň amatly ýollaryny tapmakdan ybaratdyr.
Himiýany okatmagyň usulýetiniň aýratyn ylmy taglymatlarynyň ýüze çykmagy XVIII asyryň ortalaryna gabat gelip, haçanda M.W.Lomonosow tarapyndan “Hakyky fiziki himiýa giriş” işlenilip, onuň esasynda himiýa maddalaryň düzümi, häsiýetleri we öwürilişigi baradaky ylym hökmünde kesgitlenildi. M.W.Lomonosow himiýanyň mazmuny öwredilende himiýa ylmynyň usullaryny, hususan-da, tejribeleri, bolup geçýän ýagdaýlaryň hil we mukdar taraplaryny ulanmagy zerur diýip hasaplaýar.
Himiýany okatmagyň usulyýeti ylmynyň ösüşi hemişe himiýa ylmynyň ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolup, himiýa ylmynyň esasy wekilleri düzgün bolşy ýaly okatmak bilen hem meşgullanypdyrlar. Himiýany okatmagyň usulýetine esasy goşant goşan alymlar A.Lawuazýe, D.Dalton, S.Kanissaro we beýlekilerdir. Himiýany okatmagyň usulyýeti üçin D.I.Mendeleýew tarapyndan açylan periodik kanun möhüm sepgitleriň biri bolup durýar.
Himiýa okuw dersi mekdepdäki beýleki dersler bilen bir hatarda okuwçylaryň şahsyýetini kemala getirýär. Bu maksada ýetmek üçin himiýany okatmagyň öňünde amal etmeli birnäçe meseleler durýandyr. Ýagny: 1) Ylmyň esaslaryny(möhüm himiki düşünjeleri, kanunlary, nazaryýetleri) okuwçylaryň aňly-başly özleşdirmegini üpjün etmeli, ylmyň usullary bilen tanyşdyrmaly.
2). Ylmy dünýägaraýşy kemala getirmeli.
3). Hakyky Watana berlen ýaşlary terbiýelemeli.
4). Okuwçylaryň pikirlenmek ukybyny olaryň bilimleri ele almaga özbaşdak we işeňňir çemeleşmegini ösdürmeli.
5). Hünär öwretmek işini durmuşa geçirmeli, halk hojalygyny himiýalaşdyrmagyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmaly, okuwçylary akylly-başly hünär saýlap almaga
taýýarlamaly.
Mälim bolşy ýaly, himiýa pudagyny ählitaraplaýyn ösdürmek garaşsyzlyk ýyllarynda strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylyp, pudagyň ylmy esaslary has-da ösdürildi. Bu beýik işler biz – mugallymlaryň buýsanjyny has-da goşalandyrýar, bilim işinde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaş nesillere okamaga, döretmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Dursunjemal KADYROWA,
Ak bugdaý etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy.