Buýsançly köňüller

Şöhratly taryhymyzyň buýsançly wakasy

24-02-2025 / 23

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýan halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna tüýs ýürekden buýsanýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji fewralda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binalar toplumyna bolan sapary Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetli taryhyny çuň mazmuny bilen öwrenmegiň we wagyz etmegiň beýik geljeginiň binýadyny goýdy.  

Milli Liderimiziň  halkymyzyň beýik ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýan Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda ilkinji gezek ykrar edilendigi, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny goýandygy, bu mukaddes gymmatlygymyzyň şanyna bolsa beýikligi 95 metr bolan Bitaraplyk binasynyň gurlandygy hakynda aýdan dürdäne sözleri milli taryhymyzyň beýanydyr.

Milli Liderimiziň Bitaraplyk binasyna eden sapary uzak geljegi nazarlaýan dürdäne paýhasy bilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiziň taglymat derejesine çykandygyna bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan  2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi ýaly taryhy wakalar tutuş adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen parahatçylyk maksatly işler boldy.

Milli Liderimiziň ýurdumyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine  bildiren  ynamy ähli ildeşlerimizde Garaşsyzlygymyz bilen Bitaraplygymyzyň  mukaddes gymmatlygyny yhlasly öwrenmäge, wagyz etmäge we onuň has baýlaşmagyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy.

Bu taryhy wakalarda Bitaraplygyň türkmen nusgasyny esaslandyryjy Alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde  döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasynyň, psihologiýasynyň, milli aň-düşünjesiniň kämil beýanynyň bardygyny nygtap: «Biziň günlerimizde bu häsiýetler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary boýunça alnyp barylýan işjeň we giň halkara hyzmatdaşlygynda täze öwüşgin bilen ýüze çykýar» diýen paýhasly jümlesinde durmuş hakykaty bar. Şöhratly taryhymyzyň has baýlaşmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri  hemişe  rowaç  bolsun!

Perman NOWBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu