Siziň üçin...

Çagany — ýaşdan, edebi — başdan

22-02-2025 / 44

Ata-babalarymyz çaga terbiýesine örän jogapkärli çemeleșipdirler. Türkmençilikde «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýen pähim bar. Diýmek, çaga dünýä inen gününden terbiýelenip başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän körpeleriň edep-ekramly bolup, sagdyn ulalmaklaryny gazanmak, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin milli oýunlar esasynda dürli bäsleşikleri, şanly senelere, baýramçylyklara bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlary guraýarys.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, döwrebap bilim öwretmekde gollanma bolup durýar. Bu Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, döwrebap işleri ýola goýmagyň aýdyň ugurlary kesgitlenilýär. Şunda mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmäge, mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin mekdebe çenli bilimiň elýeterliligini we bäş ýaşly çagalaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge uly üns berilýär.

Aýratyn bellemeli zat, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalar üçin terbiýeçi iň ýakyn adam bolmaga çalyşmalydyr, çünki çaga mähir isleýär we terbiýeçi ony hoşniýetli gurşap almagy başarmalydyr. Körpäniň çagalar bagyna bolan höwesini artdyrmak bolsa, elbetde, terbiýeçiniň gündelik guraýan sapaklaryna bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, mek­de­be çen­li ça­ga­lar edaralaryn­da kör­pe­le­riň sag­dyn ös­mek­le­ri we dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­nyň giňeme­gi üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Körpeler özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä synçy, ýatkeş hem-de oýna höwesek bolýar. Şonuň üçinem okuw-terbiýeçilik işleri geçirilende, dürli görkezme esbaplary hem-de häzirki zaman tehnologiýa serişdelerini peýdalanmagyň ähmiýeti örän uludyr. Şonda körpeler beýan edilýän temany ýatda saklap, özbaşdak özleşdirmäge höwesli bolýarlar. Bu bolsa çagalaryň dünýägaraýşynyň giňemegine we öwrenmäge bolan ukybynyň, höwesiniň artmagyna getirýär. Şeýle işlere hötde gelmekde biziň zähmet çekýän çagalar bakja-bagymyzyň işgärleri hem yhlas-başarnygyny gaýgyranoklar.

Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak borjumyzdyr. Şol borja wepaly bolup, watansöýüji, belent ahlakly, milli ruhly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Bibitäç ÇARYÝEWA,
Murgap etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu