
Gahryman Arkadagymyzyň «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ady bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy, dost-doganlyk mekany hökmünde äleme doldy. Bitaraplyk taglymaty eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän, gurýan edermen, bagtyýar halkymyza has-da beýik ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelmegi we bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirmegi halkara derejede giň gerim bilen belleniljek şanly baýramyň dabarasyny uludan tutmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm wakalaryň biri boldy.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredilip, oňa Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi. Onuň mazmunynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri, döwrüň we dünýäniň häzirki meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan wezipeler aýdyň beýanyny tapýar we agzybir halkymyzy belent maksatlarda birleşdirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryndan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan täze derejelere göterilýän bitaraplyk taglymaty Ýer ýüzünde parahatçylygy, özara ynanyşmagy üpjün etmegiň kepilidir. Bu ýörelgeler dost-doganlyk düşünjesinden gözbaş alýar. Bitaraplyk bolsa dost-doganlygy dünýä ýaýýan taglymatdyr. Diýmek, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejede uly dabaralar bilen bellenilmegi bütin dünýäde dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýan berkarar Watanymyzyň mertebesini ýene bir gez belende göterip, şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşar.
Atamyrat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.