
Mekdebe çenli ýaşly çagalarda ýönekeý matematiki düşünjeleri ösdürmek sapaklarynda hem-de sapakdan daşary çärelerde ulanylýan şular ýaly öwrediji oýunlar, ýumuşlar we gönükmeler 5-6 ýaşly çagalaryň pikirlenişini, ünslüligini hem-de aň-düşünjesini ösdürýär we okuw maksatnamasyny çalt özleşdirmäge ýardam edýär. Şunda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň sagdyn ösmekleri we dünýäaraýyşlarynyň giňemegi üçin uly işler alnyp barylýar.
Çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir, çünki oýun bilen meşgullanmagy çagalaryň biri-biri bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagyna mümkinçilik berýär. Çaga durmuşynda oýunlaryň uly ähmiýeti bar, şolaryň üsti bilen ol ulalýar, kemala gelýär. Körpeler daş-töweregini oýnuň üsti bilen has ýakyn kabul edýärler, kähalatlarda hakykatyň we oýnuň aratapawudyny hem aňmaýarlar, saýgarmaýarlar, sebäbi çaganyň duýujylyk tejribesi ýeterlik bolmaýar. Çagalar üçin oýun özboluşly türgenleşik bolup durýar, oýnuň gidişinde başyndan geçirenlerini, kabul eden maglumatlary, netijede, toplan tejribesini durmuşda aňsatlyk bilen özleşdirýärler. Irki ösüş döwründe çaga, esasan, oýnuň üsti bilen terbiýelense, geljekde ukyply, başarnykly, düşünjeli, edepli-ekramly şahsyýet bolup kemala gelýär.
Uly (mekdebe taýýarlaýyş) topardaky çagalar intellektual (rebuslar, testler, pikirlenme) oýunlary oýnamagy gowy görýärler. Oýunlar çaganyň ösüşiniň ýyl-ýyldan kämilleşmegine we onuň şahsyýetiniň kemala gelmegine ýardam berýär. Bu toparda sapak geçeniňde hem oýunlaryň üsti bilen öwretmek mümkin. Sapagyň arasynda çagalara dynçlyk bermek üçin dürli reňkli kagyzlardan dürli görnüşli oýunlar bilen multimedia tagtasyndan peýdalanmak has amatlydyr. Bu görkezme şekili çagalaryň ünsüni özüne çekýär we çalt jogap bermek üçin özbaşdak pikirlenýär. Görkezme şekiliniň üsti bilen çaganyň özüne gürrüň berdirmek hem bolar. Şeýle edilende çaganyň sözleýşi we gürrüň bermek ukyby hem açylýar.
Maşgalada ata-eneler, çagalar baglarynda terbiýeçiler tarapyndan çaganyň oýun usulynyň üsti bilen terbiýelenmegine aýratyn üns berilmeli. Çagalar baglarynda ata-eneleriň ýygnagynyň ýola goýulmagynyň hem körpeleri irki ýaşdaky döwründe mekdebe taýýarlamakda uly ähmiýeti bar. Öý şertlerinde terbiýelenýän çagalar her hepdäniň şenbe günlerinde çagalar bagynda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, beden, ruhy, aň taýdan mekdebe taýýarlanylýar. Olar bilen oýun usulynda ýönekeý matematiki düşünjeleri, sowat öwretmek, çeper edebiýat, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, şekillendiriş sungaty boýunça gyzykly sapaklar guralmaly.
Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde ähli giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Akjagül MUHAMMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.