Buýsançly köňüller

Daşky gurşawy goramak — baş maksat

20-02-2025 / 4

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär.  Şunuň bilen baglylykda, geografiýa sapaklarymyzda ýaş nesilleriň tebigata bolan söýgüsini ýokarlandyrmakda netijeli gurallardan peýdalanýarys.

Ekoulgamyň biodürlüligini goramak we dikeltmek, tokaýlyklary köpeltmek, topragyň, suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy, milli ykdysadyýetiň önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşylmagy hem-de sebitiň ýurtlarynyň anyk çäreleri amala aşyrmak üçin jemlenmegi bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemegini üpjün etdi. Bu meselelerden ugur alyp, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bütewi Kanuny, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň döwletimizde ekologik ulgamda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde onlarça ekologiýa maksatnamalary we taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyz gazylyp alynýan baýlyklar bolan tebigy gazyň, nebitiň, mineral duzlaryň, ýoduň, dag magdanlarynyň uly gorlaryny özünde jemleýär. Garabogazköl aýlagynda dürli tebigy duzlaryň, seýrek duş gelýän elementleriň uly baýlyklary, Hazar, Balkanabat sebitlerinde ýoduň, bromuň we beýleki gymmatbahaly himiki elementleriň baý ýataklary bar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýabany tebigatyny, biologik dürlüligini goramak hem-de dikeltmek maksady bilen, birnäçe milli seýilgähleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň tebigatyny baýlaşdyrmak, Araldan ýokary galýan zyýanly galyndylaryň öňüni almak babatynda hem uly işler edilýär. Çünki daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Daşymyzy gurşap alan gözel tebigaty we onuň baýlyklaryny gorap saklamak nesilleriň borjudyr. Okuwçylara türkmen tebigaty, ata Watanymyz barada düşünje bermek, olary milli ruhda terbiýelemek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Durdaý JUMAÝEWA,
Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu