Buýsançly köňüller

Parahatçylyk — gülläp ösüşler

21-02-2025 / 49

Geçmişde edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynda şöhratly yz galdyran halkymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri täze taryhy döwürde hem dünýäde belent ykrara eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2025-nji ýylymyzyň bütin dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa munuň täze bir beýanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa munuň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, bu günki gün hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Şunda soňky ýyllarda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň birnäçesine — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy möhüm wakalardyr.

Parahatçylyk taglymlary hakda oýa çümeniňde, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!» goşgulary hakydaňa dolýar. Bu kämil eserler biziň şu günki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli berk syýasatyny açyp görkezýär.

Halklarbir jebis maşgala.
Ýaşasyn parahat durmuş!

Dünýäniň dürli halklarynyň dillerinde aýdyma öwrülen bu ajaýyp setirler bolsa «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine pugta eýerýän halkymyzyň, agzybir milletimiziň, ähli nesillerimiziň Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklaryny — parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky arzuwlarynyň çeper beýanydyr. Dünýäniň belent münberlerinde beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Sara ATALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu