
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.
Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça jogapkärçilikli we başlangyçly çemeleşmesi Milletler Bileleşiginiň ýokary bahasyna eýe boldy. Şunda ýurdumyzyň BMG-niň düzüm birliklerine, şol sanda onuň iri wekilçilikli düzümi bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy hem bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda-da Türkmenistan 79-njy sessiýanyň işine wise-başlyklyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, 86 döwletiň awtordaşlygynda öňe sürlen degişli Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjynyň logiki dowamy hem-de onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nyşany boldy. Şunlukda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýyl Watanymyzyň şöhratly taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda dürli çäreleriň, maslahatlaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olaryň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk döwlet topary döredildi.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün! Dünýäde parahatçylyk taglymatyny wagyz edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Umida MÄTÇANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.