Buýsançly köňüller

Il saglygy — ýurduň gymmatly baýlygy

21-02-2025 / 10

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär. 2024-nji ýylda hem bu ugurda uly üstünlikler gazanylyp, ugurdaş desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. 17-nji aprelde Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, saglygyny berkitmek işlerine jogapkärli çemeleşilýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Geçen ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösen infrastrukturasynyň üstüni ýetiren bu döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy diňe bir bejeriş işlerine däl, eýsem, keselleriň öňüni almaga gönükdirilen saglyk syýasatynyň hem esasy wezipelerine laýyk gelýär.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde hem iri desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçirildi. Giň gerimli sergi milli saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösüş depginini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda, senagatda gazanan üstünliklerini, ägirt uly kuwwatyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezdi.

Halkymyzyň saglygyny goramak babatda taýsyz tagallalar edip, şeýle asylly, giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize  hemişe alkyş aýdýarys.

Goşa ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyñ mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu