
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda bilim derejesi ýokary halkara talaplara laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek bilim syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidir. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda has zerur ugurlar boýunça ýaşlary taýýarlamak üçin täze bölümleriň açylmagy bu ugurdaky anyk ädimlerdir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşyklary dowam edýär. Şunda olary kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak we internete birikdirmek hökmany şertleriň biridir. 1-nji sentýabrda açylyp ulanmaga berlen bilim edaralarynyň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesindäki, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherindäki, şol welaýatyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasyndaky, Mary şäherindäki mekdepler, Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasyndaky döwrebap mekdebe çenli çagalar edarasy bar.
2024-nji ýylda birinji synpa kabul edilen 155 müň 641 okuwça hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen noutbuk kompýuterleri sowgat berildi. Şeýle hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde döredilen bu merkez ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmeklerine, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hünärmenler bilen üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep geçen ýylda ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Humaý HANOWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär mekdebiniň talyby.