Buýsançly köňüller

Taryhy kitabyň tarypy

19-02-2025 / 43

Kitap — iň gowy söhbetdeş. Halkymyz kitaba mukaddeslik hökmünde seredýär.  Şoňa görä-de, täze taryhy döwrümiziň şöhratly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu kitap geçmişimize buýsanjy, geljegimize ynamy artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip jaýdar belleýär. Şoňa görä-de, kitaba bolan söýgi halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýar. Milli Liderimiziň baý durmuş tejribesi, jöwher paýhasyndan dörän kämil eserleri biz ― ýaşlar üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Mertler Watany beýgeldýär» ýaly eserleri özüniň ýokary çeperçiligi, watansöýüjilige, ynsanperwerlige ýugrulan çuňňur many-mazmuny bilen biziň hemişelik ýankitabymyza öwrüldi.

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitaby hem bagtyýar raýatlarymyz, ilkinji nobatda bolsa, biz ― ýaşlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän bu eser ähli halkymyz üçin gymmatlydyr.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly tagallalar edip, ýaş nesillere ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Göwher BALTAÝEWA,
Saýat etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu