Buýsançly köňüller

Sagdyn jemgyýet — bagtyýar döwlet

15-02-2025 / 11

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar etmek, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirmek, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegini gazanmak, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. 

Ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, beden we ruhy taýdan sagdynlyga aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etmek, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny berkarar etmek köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Häzir Türkmenistan temmäkä garşy ählumumy hereketiň ençeme ugurlary boýunça öňdebaryjy hökmünde çykyş edýär hem-de dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmaga çalşyp, temmäkiniň ulanylmagyna garşy işleri alyp barýar.

Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işler dürli ugurlarda alnyp barylýar. Döwrebap keselhanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka göwnejaý hyzmat etmegini guramakdan başga-da, ilatyň saglyk babatda düşünjeliligini artdyrmakda hem aladalar edilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragynda ösýän dürli ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, duş gelýän ýerleri, ulanylyşy hakynda ylmy maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmen topragynyň derde melhem ösümlikleri ynsan saglygyny berkidiji tebigy serişdelerdir. Tebigatyň eçilen baýlyklaryny eserde maslahat berlişi ýaly, ýerlikli ulanmak, olary gorap saklamak bolsa her birimiziň borjumyzdyr.

Ýurdumyzy temmäkiden azat etmek üçin halkymyzyň aladasyny edýän döwlet Baştutanymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Öwez IŞANKULYÝEW,
Lebap welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu