Siziň üçin...

Tebigy bilimleriň ähmiýeti

19-02-2025 / 14

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan biologiýa we ekologiýa sapaklary boýunça bilim bermegi kämilleşdirmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakyndaky» we «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanunlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ekologiýasy we daşky gurşawy goramak baradaky okuw sapaklary okadylýar.

Orta mekdeplerde, ýörite orta hünär mekdeplerinde ekologiýa sapaklary, esasan, tebigaty öwreniş we biologiýa-geografiýa toplumyndan ybarat okuwlarda jemlenendir. Döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde bu okuw sapaklarynyň okadylmagy bilen, talyplaryň tebigaty goramak taglymatynyň esaslaryny, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatyndaky syýasatyny bilmekleri üçin mümkinçilikler döredilýär. Bu sapaklarda ekologiýanyň esasy düşünjelerine, tebigatdan aýawly peýdalanmaga, tebigaty goramaga dahylly konwensiýalara we bütindünýä we sebit ähmiýetli ekologik meseleleri çözmäge Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygy beýan edilýär.

Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Bütindünýä saglyk güni ýaly baýramçylyk dabaralarynyň, tebigaty goramak boýunça okuw maslahatlarynyň geçirilmegi ýaşlaryň terbiýesi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, daşky gurşawy goramak baradaky milli kanunçylyk ulgamyndaky kabul edilen täze kadalaşdyryjy namalar, bu wajyp we derwaýys meseläniň döwlet tarapyndan üns merkezinden düşürilmeýändigini tassyklaýar. Bu babatda Türkmenistanyň halkara konwensiýalara, ylalaşyklara we şertnamalara goşulmagy, Diýarymyzyň bütindünýä möçberinde şeýle meseleleriň oňaýly we hemmetaraplaýyn bähbitli çözülmeginde öz goşandyny goşmaga taýýardygynyň subutnamasydyr.

 Goý, ýaş nesle bilim berlişiniň hilini dünýä derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň we milli bilim ulgamynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýjemal OMAROWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu