
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň döwrebap okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagy ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary hilli bolmagyny üpjün etdi. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bilim-terbiýe bermek bilen birlikde, olary milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek möhümdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda biziň — ýaşlaryň okap bilim almagymyz, hünär öwrenmegimiz üçin ähli şertler döredilýär, uly ynam bildirilýär. Şol beýik ynamy ödemek biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar. Muňa oňat okamak bilen jogap bereris. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ylym-bilimli, hakyky watansöýüji, sagdyn nesilleriň kemala gelýändigi buýsandyrýar. Bu gün Türkmenistan döwletmiz bagtly çagalygyň we çaga arzuwlarynyň amala aşýan ýurdy hökmünde tanalýar.
Bilim işgärleriniň öňünde ähli taraplaýyn bilimli, giň gözýetimli, edep-ekramly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipedir. Ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi ýagty ertirlerimiziň, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň geljekde ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin hemme şertleri döredýär. Döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan nesil bilimde, ylymda, öz saýlap alan hünärinde oňat netijelere eýe bolýar. Ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe berip, olaryň, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, döredijilikli, özbaşdak işlemegi, kämilleşmegi başarýan şahsyýeti kemala getirmek her bir bilim işgäri üçin belent maksatdyr. Şu maksada ýetmekde mugallym öňdebaryjy tejribelerden, okatmagyň döwrebap usullaryndan netijeli peýdalanmalydyr.
Goý, ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulnur SEÝIDOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.