Buýsançly köňüller

Oba hojalyk özgertmelerine goşant

18-02-2025 / 10

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumy döwrebap derejede ösýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň, çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda edýän tagallalary bu pudagyň ösüşine uly täsirini ýetirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda agrosenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň edip, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmak işlerini netijeli dowam etmek hakda aýtmagy biz — geljekki oba hojalyk hünärmenlerinde uly täsirleri döretdi. Çünki bu gün oba hojalygyna sanly ulgamyň, iň gowy dünýä tejribesiniň, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagy babatynda edilýän tagallalar obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşmagynda we kämilleşmeginde möhüm orna eýedir.

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, gowaçanyň we däne ekinleriniň netijeli sortlaryny ulanmagyň, döwrebap agrotehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna toprakdan ýokary hasyl almak babatdaky tagallalara işjeň goşulýarlar. Şunda biziň bilim ojagymyzyň talyp ýaşlary tejribeliklerde bolup, oba hojalyk ekinleriniň ylmy esasda ýetişdirilişini tejribede görýärler, tejribe toplaýarlar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň geljekde ökde hünärmenler bolup, ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak babatdaky işlere saldamly goşant goşmagyna itergi bolýar.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, oba hojalygyny düşewüntli pudaga öwürmek, önüm bolçulygyny pugtalandyrmak babatda taýsyz tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza bolan alkyş-hoşallyklarymyz çäksizdir.

Myrat ROZMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu