
Mälim bolşy ýaly, her ýylda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň arasynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ýakynda bu bäsleşigiň Mary şäher tapgyry geçirilip, bu tapgyrda 1-nji orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Ýylyň terbiýeçisi ― 2025» bäsleşiginiň Mary şäher tapgyryna öňdebaryjy terbiýeçileriň ençemesi gatnaşdy. Biz ― bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerine laýyklykda ýaş nesle döwrebap bilim terbiýe bermekde öz işlerimizi guraýşymyz, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyşymyz dogrusynda çykyş etdik. Şonuň ýaly-da ýaşlara gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan mirasymyz, däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe bermek boýunça iş tejribelerimizi paýlaşdyk. Biz çykyşlarymyzyň üsti bilen körpelere berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagy, watansöýüji nesilleriň kemala gelmegi ugrunda yhlasly zähmet çekilýändigini, hemişe täzeçillige ymtylýandygymyzy görkezdik.
«Ýylyň terbiýeçisi ― 2025» bäsleşiginiň Mary şäheri boýunça geçirilen tapgyrynda 1-nji orna eýe bolmagym täze üstünliklere ruhlandyryp, buýsanjymy goşalandyrdy. Biz geljekde hem bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen Maksatnamalardan, sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky ýörelgelerden, şeýle-de Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp zähmet çekmekde barha kämilleşeris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň alyp barýan işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, bagtyýar nesilleriň röwşen ertirleri ugrunda ajaýyp başlangyçlary ýola goýan Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Maral MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.