
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Milli senenamamyzdan görnükli orun alan bu sene parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň, şol sanda türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň kanunçylyk esaslary yzygiderli berkidilýär.
Diplomatik gulluk — bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi bolup durýar. Bu ugurdaky işler degişli kanunçylyk kadalary esasynda alnyp barylýar. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunda diplomatik gullugyň borçlary baradaky kadalar öz beýanyny tapýar.
Ýeri gelende bellesek, konsullyk gullugy hem ýurdumyzyň diplomatik işiniň bir bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynyň işini guramagyň tertibi aýratyn kanun bilen düzgünleşdirilýär. Şoňa görä-de, 2020-nji ýylda «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny rejelenen görnüşde kabul edildi.
Ynsanperwer syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlarynyň eýeleýän orny ägirt uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda «Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky» taryhy Permana gol çekmegi ýokary ähmiýetli taryhy wakadyr. Bu çözgütden soňra her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň döredilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, dünýäniň dürli döwletlerinde Türkmenistana wekilçilik edip, milli bähbitlerimizi ynamly goran halypa diplomatlarymyzyň ençemesiniň bu tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandyrylmagy milli diplomatiýamyzyň binýadynyň berkdigini alamatlandyrdy.
Guwanç GURDOW,
Ahal welaýat kazyýetiniň Şikaýatlar we arzalar bölüminiň maslahatçysy.