
Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji fewralda Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirmegi, onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasynyň we onuň hojalyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji ýylda ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi beýik başlangyçlaryň dünýä ýaň salandygyny, Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygyny subut edýär.
Milli Liderimiz 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahypalary hakda giňişleýin durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny hem beýan etdi.
Halkyň durmuşynda uly yz goýan her bir sene mukaddeslik hökmünde halkyň taryhyna girýär. Bütin halkymyz ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabaralar bilen, şatlyk-şowhuna besläp belleýär. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup kalplarymyzy buýsançdan dolduryp dur.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün! Dünýäde parahatçylyk taglymatyny wagyz edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Enejan ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.