
2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, toý şatlygyny goşalandyrdy. Munuň özi milli sirk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Behişdi bedewler — halkymyzyň buýsanjy. Bedewler — türkmeniň ganaty, toýda şöhraty, durmuşda wepadar hemdemi. Şunda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny bütin dünýäde dabaralandyrýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy täze taryhy döwrümiziň hem ajaýyp üstünligidir. Bu meşhur topar halkara festiwalda Baş baýraga, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.
Şunuň bilen baglylykda, 1-nji fewralda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu halkara ýeňşi mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler şatlyk-şowhuna beslendi. Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde uly orun eýeleýän bu topara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro, hormatly Prezidentimiziň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgady gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy S.Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle-de bu topara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda neşir edilýän «Arkadag» gazetiniň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň taryhy üstünligine bagyşlanan nobatdaky sany gazetiň okyjylary üçin özboluşly sowgat boldy. Şeýlelikde, bu taryhy wakalar Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary milli sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolýar. Goý, köňül buýsanjymyza, ýürek telwasymyza öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä nusgalyk derejä göteren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Seýitmurat PAÝZYLLAÝEW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.