Buýsançly köňüller

Belent maksatly ýaşlar

18-02-2025 / 20

Ýaş nesliň sagdyn bedenli, kämil bilimli, çuňňur watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler täze taryhy eýýamda many-mazmun hem-de çemeleşme taýdan örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu ugurda ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan döwrüň talabyndan ugur alnyp, giň möçberli, köpugurly işler ýola goýulýar.

Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň özenidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaşlary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz ýaşlara ynamly bil baglamak bilen: «Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip belleýär.

Ýaş nesli belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserleriniň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan, ertirlerimize şamçyrag bolýan ruhy goldaw, gymmatly gollanmadyr.

Türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşmegini, bilimlerini artdyrmagyny gazanmak ugrunda amal edilýän çäreler hem hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatynda aýratyn orna eýe. Şunda ýurdumyzda her ýyl 1-nji synpa gadam goýýan mekdep okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleriň sowgat berilýändigini aýratyn nygtamak gerek.

Umuman, täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji hökmünde baha berilýär. Ýurdumyzda bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösdürilmegi ugrunda aýratyn aladalar edilýär. Şeýle işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns berýän hormatly Prezidentimiziň, her bir ýaş raýatymyzy aýratyn mähir hem alada bilen gurşap alan Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Oguljennet MÄTJÄÝEWA,
Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly obasynyň 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu