Buýsançly köňüller

Döwletiň we jemgyýetiň guwanjy

17-02-2025 / 14

Perzent her bir maşgalanyň guwanjydyr, buýsanjydyr. Diýmek, ýaş nesil döwletiň we jemgyýetiň hem guwanjydyr. Hut şonuň üçin olaryň edep-terbiýesi baradaky köptaraply aladalar halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan kämil durmuş ýörelgeleriniň biridir. 

Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, ylym öwrenmegine, hünär edinmegine, ruhy-ahlak taýdan kämil adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilen şeýle ýörelgeler ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň esasy sütünleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýan şeýle tutumlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam tapýar.

Körpelerimizi mähir bilen garşylaýan çagalar baglarynda, çagalaryň uly höwes bilen gatnaýan orta mekdeplerinde döredilen amatlyklar, şert-mümkinçilikler biz — bilim işgärleriniň hem göwünlerimizi galkyndyrýar. Sebäbi şol amatlyklardyr mümkinçilikler ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hil derejesine oňyn täsir edýär. Şol bir wagtda, munuň özi her bir bilim işgärini öz işine has-da döredijilikli, yhlasly çemeleşmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi ýurdumyzda 2024-nji ýylda ýetilen belent sepgitleri ýene bir ýola göz öňümizde janlandyrdy. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň geçen ýylda halkara bilim we taslama bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň mukdary barada aýdylanlary uly guwanç bilen diňledik. Nygtalyşy ýaly, geçen ýyl türkmenistanly mekdep okuwçylary we talyplar halkara bilimdir taslama bäsleşiklerinde dürli derejeli medallaryň 1 müň 549-syna mynasyp boldular. Munuň özi soňky ýyllaryň dowamynda iň uly görkezijileriň biridir.

Bu üstünlikler ― türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygy. Çünki olar iň döwrebap şertlerde bilim alýarlar. Döredilýän giň mümkinçilikler bolsa öz miwesini halkara bäsleşiklerdäki ýüzlerçe üstünlik bolup eçilýär. Şeýle üstünlikleriň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýäris.

Merdan ASTANOW,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu