Buýsançly köňüller

Lebaply kitapsöýüji ýaşlaryň üstünligi

18-02-2025 / 22

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ajaýyp döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin ähli mümkinçilikler bar.  Şunuň esasynda, ýaş nesillerimiz dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary işjeňlik görkezýärler.

Ýakynda lebaply talyplaryň uly topary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri boldy. Bäsleşik sanly ulgam arkaly iňlis dilinde geçirilip, ol talyplaryň arasynda ylmy pikir alyşmalaryň hem özboluşly meýdançasyna öwrüldi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplaryň 200-den gowragy gatnaşdy.

Şeýlelikde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary altyn medallaryň 5-sine, kümüş medallaryň 12-sine, bürünç medallaryň bolsa 16-syna mynasyp boldular. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, ylym öwrenmegine, hünär edinmegine, ruhy-ahlak taýdan kämil adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilen işleriň oňyn netijelere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bilim almagy, hünär öwrenmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini has-da belende götermegi mukaddes perzentlik borjy hasaplaýan bagtyýar ýaşlar hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Reýime ŞARIPOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu