
Diplomatiýa — döwletleriň arasyndaky iň gadymy we kämil gatnaşyklaryň biri. Pederlerimiz asyrlaryň dowamynda «diplomatiýa» düşünjesini şeýle bir kämilleşdiripdirler welin, bu kämillik milli ýörelgeleri hem, dünýä tejribesini hem öz içine alypdyr. Bu ýörelgeler hut häzirki wagtda-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň özenini düzýär.
Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Milli senenamamyzdan görnükli orun alan bu sene parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň, şol sanda türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bütin dünýäde parahatçylygy kemala getirmäge mynasyp goşant goşýar. Ynsanperwer syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlarynyň eýeleýän orny ägirt uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda «Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky» taryhy Permana gol çekmegi ýokary ähmiýetli taryhy wakadyr.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Şunda halkara gatnaşyklary ulgamynda gazanylan üstünlikler milli diplomatiýamyzyň ýeňişli menzillere beslenýändigini aýdyň görkezýär.
Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan diplomatlarymyzy, daşary syýasat edarasynyň işgärlerini, şeýle hem geljekki halkaraçy hünärmenleri Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Dawut PÜRNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.