Buýsançly köňüller

Raýdaşlygyň mekany

18-02-2025 / 16

Dünýäniň iň iri halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary arkaly iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy ata Watanymyzyň taryhynda örän möhüm seneleriň biridir. Sebäbi hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagynda uly orny eýeleýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemez sütüni bolan Bitaraplyk hukuk derejämiziň şanly senesiniň hormatyna 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynyň, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlarynyň esas edinilmegi biz — ýaşlaryň buýsanjyny goşalandyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusyny okanyňda halkara hukuk derejämiziň baş maksadyna, ählumumy bähbidine has çuňdan düşünýärsiň.

Baky Bitaraplyk ýörelgämiz ýurdumyza Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraý, şan-şöhrat getirdi. Ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda taryhy üstünliklere ýetmäge uly mümkinçilikleri döretdi. Diýmek, şanly ýylymyzyň şygary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegi babatdaky döwletli maksat-tutumlarynyň ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp beýan edýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň özeninde hem çuňňur many bar. Bu çözgüt halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň wajypdygyny, ýurtlaryň arasynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Umuman aýdanyňda, şanly ýylymyzyň şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolup, munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hemişelik Bitaraplygymyzdan gözbaş alýan halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri deňhukukly halkara gatnaşyklarynyň hem-de döwletimiziň okgunly ösüşiniň, zähmetsöýer halkymyzyň abadan durmuşynyň kepilidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýylymyzyň dünýä ýaň saljak giň gerimli çäreleri agzybir halkymyz üçin täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýän taglymatdygyny bagtyýar ýaşlarymyza has-da giňden düşündirmäge şert döreder.

Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu