
Türkmenistan dünýäniň ykdysady bileleşigine işjeň goşulyşmak, täze «ykdysady geçelgeleri» döretmek bilen, daşary söwdada üstünlikli çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny tapmagyny, uly abraý-hormata eýe bolmagyny şertlendirdi.
Türkmenistanyň milli ulag-logistika strategiýasynyň mazmunyny we esasyny Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döwrebap dikeltmek konsepsiýasy düzýär. Orta asyrlarda ülkeleri we halklary birleşdiren bu gadymy kerwen ýoly ýurdumyzyň çäginden geçipdir. Ony häzirki döwrüň netijeli halkara hyzmatdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýoluna öwürmek baradaky pikir-garaýyşlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli ulag taslamalary bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, häzirki geosyýasy we geoykdysady şertler, zerurlyklar, maksatlar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag-logistika ugrunda halkara derejeli hünärmenleri taýýar-lamak işleri hem alnyp barylýar. Häzir Türkmenistan dünýäde logistika dü-zümlerini barha ösdürýän esasy ýurtlaryň birine öwrüldi, ýöne onuň Ýewrazi-ýada döwrebap ulag-üstaşyr ulgamynyň geçýän iri merkezine öwrüljek günleri hem daşda däl.
Hormatly Prezidentimiz golaýda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döw-letleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda söwda-ykdysady gatnaşyklarda sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýtdy. Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara geçýän ugurlary aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «gürrüň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe we ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna çykýan, şeýle hem Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we ondan aňryk Ýakyn Gündogara çykýan ugurlar barada barýar». Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Pars aýlagy boýunça ýük daşamalara hem aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystanyň Prezidenti bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynda hem deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmegi teklip etdi.
Türkmenistan deňiz ulag ýollaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz porty guruldy. Häzir portuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, özara söwdany ösdürmek we üsta-şyr gatnawlary artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Munuň özi sebitiň döwletleriniň arasynda özara peýdaly ykdysady gatnaşyklaryň has-da giňeldil-megine we pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berer.
Amangül AGALYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommnukasiýalary institutynyň Demirýol ulaglary fakultetiniň talyby.
Halypa mugallym: Umbar AMANDURDYÝEW.