
Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyz her ýylyň 18-nji fewralyny Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde belläp geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine goýulýan sarpadan nyşan bolup durýar.
Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Diplomatik gullugynyň işgärleri milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, öz öňlerinde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça maksada laýyk işleri amala aşyrýarlar. Aslynda, diplomat üçin öz halkynyň, Watanynyň bähbitlerini goramakdan belent borç ýokdur.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy parahatçylygy söýüji döwlet hökmünde halkara derejesinde dünýä döwletleri ykrar edýärler. Diýarymyz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar.
Watanymyzda häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş diplomatlary taýýarlap ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Institutda täze hünärleriň açylmagy, bilim bermek işinde öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň hem-de innowasion usullaryň işjeň ornaşdyrylmagy, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen özara peýdaly tejribeleriň alşylmagy buýsandyryjydyr. Institutyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli ýokarlandyrylyp, bu ýerde okaýan talyplara kämil derejede bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdebinde diplomatiýanyň ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, suw hem-de medeniýet we sport ýaly wajyp ugurlarynyň ösdürilmegi hem-de öwredilmegi barada tagallalar edilýär.
Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljan ORAZNEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.