Buýsançly köňüller

«Galkynyş» ― dünýäniň guwanjy

15-02-2025 / 19

Häzirki döwürde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, toý şatlygyny goşalandyrdy.

Behişdi bedewler — halkymyzyň buýsanjy. Bedewler — türkmeniň ganaty, toýda şöhraty, durmuşda wepadar hemdemi. Şunda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny bütin dünýäde dabaralandyrýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy täze taryhy döwrümiziň hem ajaýyp üstünligidir. Bu meşhur topar halkara festiwalda Baş baýraga, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.

Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde uly orun eýeleýän bu topara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro, hormatly Prezidentimiziň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgady gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy S.Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle-de bu topara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşuryldy. Şeýlelikde, bu taryhy wakalar Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Bu topar 2007-nji ýylda Milli Liderimiziň tagallasy esasynda döredildi. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Goý, köňül buýsanjymyza, ýürek telwasymyza öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä nusgalyk derejä göteren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu