
Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümizde barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň halkara bileleşiginde giňden goldanylyp, şu ýylymyzyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Halkymyzyň beýik ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesi bilen öz mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Şoňa görä-de, şanly ýylymyzyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusy, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda kabul edilmegi her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň dünýäde gyzgyn goldaw tapan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi, «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýa öňe sürülýär. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen alyp barýan strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, özara bähbitli we netijeli häsiýete eýedir. Şoňa görä-de, geçen ýylda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi.
Parahatçylyk — ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy. 2025-nji ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunynyň, milli diplomatiýamyzyň dabaralanmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy, BMG-niň Baş sekretarynyň bu resminamany dolulygyna makullamagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.