Buýsançly köňüller

Diplomatiýa — parahatçylygyň guraly

18-nji fewral — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

15-02-2025 / 23

Diplomatiýa — örän çylşyrymly hem-de jogapkärçilikli iş. Dogrudan-da, ynsanyýetiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň has-da çylşyrymlaşýan döwründe parahatçylyk, ynanyşmak, dostluk ýörelgelerine esaslanýan diplomatiýa hakyky sungat derejesine çykdy.

Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär.

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 18-nji fewraly Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Milli senenamamyzdan görnükli orun alan bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň döredilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandyrylmagy milli diplomatiýamyzyň binýadynyň berkdigini alamatlandyrdy.

Diplomatiýa — parahatçylyk guraly. Diplomatlar — dünýäde parahatçylygy dabaralandyryjylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda açylan Ýaş diplomatlar mekdebi geljekde diplomatiýa bilen ykbalyny baglamagy maksat edinýän mekdep okuwçylary üçin özboluşly synag meýdançasyna öwrüldi. Onuň binýadynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi bolsa diplomatiýa hünärine höwesli ýaş zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ykballary özgerdýän bu bäsleşigiň I, II we III möwsümine gatnaşan ýaş çaparlaryň birnäçesi türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň bagtyýar talyby boldular. Häzirki wagtda bäsleşigiň IV möwsümi üstünlikli dowam edýär.

Türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu