
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy — bu biziň ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň, onuň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ymtylyşynyň nyşany bolup durýar. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär.
Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde «Diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegi bolup, ol halkara gatnaşyklary çäginde döwletiň hukuklaryny goramak wezipesini öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär» diýlip bellenilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar.
Durmuşyň gözelligi, dünýäniň abatlygy halklaryň agzybirliginde, jebisliginde jemlenendir. Ýer ýüzüne parahatçylygy buşlaýan akja kepderiniň gökde ganat ýaýýan perwazy asudalygy alamatlandyrýar. Ýaşaýşyň manysy bolsa älem-jahanyň parahatlygyndadyr, adamlaryň rahatlygyndadyr. Şol beýik islegleriň wysala gowuşýandygyna Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» goşgusyndaky:
Asman-zemin arasy —
Giň dünýämiz parahat!
— diýen setirler doly tassyklaýar.
Baýramyňyz gutly bolsun, hormatly diplomatlar!
Selbi BATYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.