Buýsançly köňüller

Türkmen diplomatiýasy: baş ýörelge — ösüş we parahatçylyk

17-02-2025 / 24

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 18-nji fewraly Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr.

Türkmenistan özüniň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň dünýäde gyzgyn goldaw tapan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini, «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýany öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, häzirki wagtda bu başlangyjyň resmi taýdan badalga alandygyny hem bellemek möhümdir.

Ata Watanymyzda häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Diplomatik gulluklarda kämil tejribe toplan hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş diplomatlary taýýarlap ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Institutda täze hünärleriň açylmagy, bilim bermek işinde öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň hem-de innowasion usullaryň işjeň ornaşdyrylmagy, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen özara peýdaly tejribeleriň alşylmagy buýsandyryjydyr.

Diplomatlar — dünýäde parahatçylygy dabaralandyryjylar. Şunuň bilen baglylykda, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, halypa diplomat Amangeldi Rahmanow: «Diplomatiýa gepleşip, ylalaşyp bilmegiň sungatydyr» diýip belleýär. Örän jaýdar düşündiriş berýän bu pikirler, bir tarapdan, «Türkmen Bitaraplygy» diýen abraýly ada eýe bolan özboluşly syýasy ýol-ýörelgämiziň hem dabaralanmasydyr.

Türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris. Döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan diplomatlarymyzy, geljekki halkaraçy hünärmenleri Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu