Buýsançly köňüller

Ýüpekçilik — milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy

15-02-2025 / 14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmegi hem-de pudagyň işgärleriniň, şol sanda pile öndürijileriň yhlasly we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, degişli Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­pag­ta” döw­let kon­ser­ni­ne hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 2025-nji ýyl­da je­mi 2100 ton­na çig pi­le ön­dür­me­gi üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy. “Türk­men­pag­ta” döw­let kon­ser­ni­ne hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 2025-nji ýyl­da je­mi 2100 ton­na çig pi­le ön­dür­me­gi üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadymy Merw dünýäniň ýüpekçilikde ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde eýýäm XII asyrda pile taýýarlamak boýunça kärhanalar hereket edipdir.

Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Merwiň ýüpekçilik kärhanalarynda hytaýly senetçilerden bu sungatyň tilsimlerini kemsiz ele alan ussatlar işläpdirler. Şäheri suw bilen üpjün edýän Majan we Razik ýaplarynyň boýunda tut agaçlary ösdürilipdir.

Häzirki döwürde ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýar. Onuň önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar bu senediň galkynmagyna itergi berdi. Bu özgertmeler obalarda hil taýdan täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlary giňeldilýär.

Mehri MAHMUDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Dokma önümçiligi hünäriniň 217-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu