Buýsançly köňüller

Takyk we tebigy ylymlaryň orny

12-02-2025 / 43

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär.

Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir. Bu resminama Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-inženerçilik pikirli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek Konsepsiýanyň esasy maksady bolup durýar.

Umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň öwrenijilik işjeňliginiň, ukybynyň, özbaşdak pikirleniş endikleriniň ösmegini gazanmak, okatmakda innowasiýalary, sanly bilim tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrmak tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri döwrebap okatmagyň esasy ugurlarydyr. Tebigy we takyk ylmy ugurly derslerde berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Myrat JUMADURDYÝEW,
Dänew etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň matematika we informatika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu