
Ýurdumyzyň islendik ulgamynyň ösdürilmegi onuň hukuk binýadynyň berkidilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan hukuk döwletidir. Ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär. Kabul edilýän maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän demokratik ýörelgeleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşleri, il-halkyň bähbitlerini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendiginiň aýdyň beýanydyr.
Kanunçylyk namalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, şeýle hem kanunlaryň taslamalaryna garalanda ýaşlaryň hem gatnaşmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamdan, olar hakda edilýän aladadan nyşandyr. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, hut geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Türkmenistanyň Mejlisinde Ýaş parlamentariler toparynyň döredilmegi ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär.
Beýik ynsanperwer başlangyçlary öňe sürüp, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Maksat BAÝRAMOW,
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.