
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bu ýylyň hem pähim-parasatyň miwesi bolan parahatçylygyň has-da rowaçlanjakdygyndan habar berýär. Ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp yglan edilen ajaýyp şygar halkara ähmiýetine eýedir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi döwrüň ruhuna laýyk häsiýetde, milli esasda kemala getirmekde köp asyrlaryň synagyndan geçen terbiýeçilik däplerine, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine eýerilýär. Şu nukdaýnazardan hem nesilleri terbiýelemegiň ylmy esaslaryna daýanýan milli pedagogikanyň usulyýeti çuňňur öwrenilýär we tejribeler arkaly berkidilýär.
Şundan ugur alyp, biz hem çagalar bakja-bagymyzda ýylyň şygarynyň astynda okuw-terbiýeçilik işlerini has-da mazmunlaşdyrmak maksady bilen birnäçe çäreleri geçirmäge, okuw-usulyýet işleriniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmäge çemeleşýäris. Ýakynda hem çagalar bakja-bagymyzda işgärler bilen maslahat geçirip, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdyk, bu ýylda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, ýylymyzyň ajaýyp şygary mynasybetli okuw-terbiýeçilik, baýramçylyk çärelerine meýilnamalaýyn esasda taýýarlyk görmäge girişdik.
Magtymguly Pyragynyň beýan edişi ýaly, bir suprada jem bolup milli toý ruhy, goşa-goşadan gelýän şatlykly wakalar, baýramçylyk şowhunlary bilen garşylanan bu ýylda özüne mynasyp ajaýyp şygaryň astynda biz hem halkymyzyň arasynda bolup, bu şygaryň many-mazmunyny düşündirmäge, halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge borçlanýarys.
Geljekde hem ýurdumyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar körpeleri milli ruhda terbiýeläp, olarda parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli gatnaşyklar, Bitaraplyk derejämiziň ähmiýeti bilen bagly düşünjeler okuw sapaklarynda we gün pursatlarynda öz beýanyny tapar. Ýaş nesle kämil bilim bermäge, olary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris.
Annabike JUMAKOWA,
Daşoguz şäheriniň 18 -nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.