Siziň üçin...

Çaga terbiýesi we kitap

14-02-2025 / 78

Çaga okamagy, ýazmagy öwrenenden soň, oňa kitap okamagy öwretmek, hemişe ony lezzet bilen okamaga höwes döretmek ata-eneleriň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň jana-jan borjudyr. Kitap okamak adama özüni gurşap alan dünýä, durmuşa, tebigat hadysalaryna, hut öz-özüne hem düşünmäge kömek edýär. Kitap hemmeleriň dostudyr hem mugallymydyr.

Bilşimiz ýaly, çagalyk döwri şahsyýetiň kemala gelýän döwrüdir. Okamak bolsa sagdyn şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär. Şunda ata-eneler we mugallymlar çagada okamak endigini kemala getirmekde we ösdürmekde gönüden-göni dahylly adamlardyr. Çagalaryň ilkinji durmuş endiklerini maşgalada ele alýandyklaryny nazarda tutsak, çagany kitap bilen tanyşdyrmakda, ondaky suratlar barada gürrüň bermekde, kitap okamagyň peýdasyny düşündirmekde ata-eneleriň orny uludyr. Olaryň bu wajyp işde kitaba gyzyklanma döretmekdäki goldawy çaganyň okamak meýliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Çagalaryň maşgala agzalary bilen bolan gatnaşygy beýleki adamlara, zatlara we ýaşaýşa bolan garaýyşlarynyň, kabul edýän häsiýetleriniň we hereketleriniň basgançagyny emele getirýär.

Çagalaryň ýaşyna görä her gün, yzygiderlilikde hekaýa, erteki okap bermek bilen olarda okamak endiginiň düýbi tutulýar. Öýde maşgala agzalarynyň hem çagalaryň peýdalanyp biljek ýerinde dürli temadan kitaplary özünde jemleýän kitap tekjesiniň bolmagy olaryň okamak endigini kämilleşdirýär. Kitaplaryň çagalaryň gyzyklanýan ugurlaryna, isleglerine görä, özleri bilen birlikde saýlanmagy olaryň okamaga bolan höwesini artdyrýar.

Häzirki döwürde bilim-ylym ulgamy döwrebap ösdürilýär. Çagalar baglarynyň kitap tekjelerindäki ýaş aýratynlyklaryna görä saýlanyp goýlan dürli reňkli, özüneçekiji suratlar bilen bezelen kitaplardan başlap, mekdeplerdäki we ýokary okuw mekdeplerindäki kitaphanalar ýaşlaryň kitap okamaga bolan isleglerini kanagatlandyryp biljekdiginiň güwäsidir. Elektron kitaphanalar hem giň mümkinçilikleri döredýär. Okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulnar ATAÝEWA,
Ak bugdaý etrabynyň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu