
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Diýarymyzyň gülläp ösüşini üpjün edýän wajyp meselelere garaldy, döwletli çözgütler kabul edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýyl beýik işleriň, ähli ugurlar boýunça ägirt uly ösüşleriň ýyly boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça alyp barýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Mejlisde kabul edilen «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» hem bu babatda örän möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnama laýyklykda, şu ýylyň dowamynda umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy ulanmaga tabşyrylar. Açyljak desgalaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi-de bar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklary üçin hem ep-esli serişde gönükdiriler. Bu işleriň ählisi Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilýän milli maksatnamalaryňdyr meýilnamalaryň gyşarnyksyz amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.
Bular täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynyň barha dabaralanýandygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň alamatydyr. Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy bagtyýarlygyň, rowaçlygyň ak ýolundan barha öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Şöhrat JODYÝEW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň bölüm müdiri.