Siziň üçin...

Serkerde şahyr

Seýitnazar Seýdiniň 250 ýyllygyna

14-02-2025 / 451

Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň (häzirki Saýat) Lamma obasynda 1775-nji ýylda dünýä inýär. Ol Lebap we Buhara medreselerinde okapdyr. Gündogar taryhyny we edebiýatyny özleşdiripdir. Şol bir wagtda hem «Diwan» poeziýasyndan habarly bolupdyr.

Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa…» atly kitabynda: «Beýik Pyragynyň edebi mirasy, şeýle-de meşhur akyldaryň yzyny dowam etdirijiler, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň we beýlekileriň eserleri köp sanly zehinli bagşy-sazandalaryň ylhamynyň egsilmez gözbaşyna öwrüldi» diýip belleýär. Şoňa görä-de, Seýitnazar Seýdiniň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýän heser döredijilik gujurynyň gözli çeşmesidir.

Ähli merde derdiň söýle,
Derman andan, umyt eýle,
Beýhuda ýörmegil beýle,
Zyýandyr, peýda etmeýe.

Seýitnazar Seýdiniň ençeme şygyrlarynyň süňňüne siňen mukaddes duýgusy onuň öz ata Watanyna, ene topragyna, gözel Diýara bolan öçmez söýgüsidir. Şahyryň onlarça goşgularynda Watan gymmatlygynyň näderejede belentde durýandygy öz aýdyňlygy bilen açylýar. Olarda «Watan» diýip galkynýan köňül, erkinlik we asudalyk telwasy bar.

«Watan üçin çykdym gyr at üstüne» diýen pelsepä gulluk eden şahyryň goşgularynda beýan edilen mertlik, gaýduwsyzlyk baradaky pelsepeleriniň özeninde ata-babalarymyzyň akyl-paýhasyndan gözbaş alyp gaýdýan iň bir haýyrly ýörelgeler ýatyr.

Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!

Ýeri gelende bellesek, 1993-nji ýylyň 15-nji fewralynda ýokary okuw mekdebimize serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň ady dakyldy. Serkerde şahyryň adyny müdimilige öwren «Çagdyr bu çaglar», «Timar, Hatyja», «Gel, Arzygül, görüşeli», «Jigi-jigi», «Owadan», «Saňa näm boldy» ýaly şygyrlary halkyň arasynda aýdyma öwrülip, bagşylaryň dilinden düşmän gelýär.

Taryhy şahsyýetlerimizi, nusgawy edebiýatymyzyň wekillerini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Gadam SEÝLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakulteti.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu