
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynyň günsaýyn ilerlenmegi we barha kämilleşmegi biz ― bilim işgärlerinde täzeçe pikirlenişi we giň dünýägaraýşy, täzeçe işlemegi talap edýär. Bu talaby ýerine ýetirmek maksatly alyp barýan her bir işimizi innowasion usullara daýanyp, ozaldan belli düşünjeleri kämil görnüşe getirmäge we täze düşünjeler bilen baýlaşdyrmaklyga çalyşýarys. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ata Watanymyzda halkymyzyň taryhyny öwrenmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Bu makalada hem geometriýa ylmynyň esasy düşünjeleriniň biri hasaplanýan “dogry köpgranlyklaryň” tebigatyň beýleki düşünjeleri bilen täsin baglanyşygy barada agzap geçmegi makul bildik.
Adamlarda ilkinji geometriki figuralar barada düşünjeler gadymy daş asyrda ýüze çykypdyr. Şol döwüriň adamlary jaýlaryny – gowaklary geometriki şekiller, heýkeller bilen bezäpdirler.
Ilki bilen, köpgyranlyklar barada düşünje bilen tanyş bolalyň. Tekizlikde köpgranlyklar ýönekeý figura bolup hyzmat edýär. Olary biz günde diýen ýaly görýäris: kükürdiň gaby, kitap, köp gatly jaý we şuňa meňzeşler. Köpgranlyklaryň içinde dogry köpgranlyk aýratyn orna eýedir. Grek matematigi Ýewklid (biziň eýýamymyza çenli 330 – 275 ý.) “Başlangyç” atly işiniň 13-nji kitabyny köpgranlyklara bagyşlapdyr. Şol kitapda dogry köpgranlygyň bäş görnüşi barada maglumatlar berilýär. Olar: tetraedr, geksaedr, oktaedr, dodekaedr, ikosaedr. Bu köpgranlyklary „Platonyň jisimleri“ diýlip atlandyrylýar. Gadym döwrüň alymlaryny dogry köpgranlyklaryň ajaýyp simmetriýasy, garmoniýasy we olaryň owadanlygy, formasy özüne maýyl edipdir hem-de olarda bu figuralar tebigatyň iň täsin syrly jisimleridir diýen düşünjeleri hem döredipdir. Hatda tetraedry ot ýananda emele gelýän şekile meňzeýäni üçin – oda, geksaedry iň berk figura bolany üçin – Ýere, ikosaedry köp grana eýe bolany üçin – suwa, oktaedry –howa, dodekaedry bolsa Äleme deňäpdirler.
Alymlaryň tebigatyň täsin gurluşyny öwrenmäge bolan dyngysyz höwesi, olaryň dogry köpgranlyklary ýakyndan öwrenmeklerine we olary öz işlerinde peýdalanmaklaryna getiripdir. Bu endigi bolsa, adamzat nesli tebigatyň hut özünden öwrenipdir. Çünki ýakyndan ser salanymyzda dogry köpgranlyklara adam eli bilen ýasap bolmajak kindiwanja böleklerde hem duş gelmek bolýar. Mysal üçin: adaty nahar duzunyň kristalynda kuby, fosfornowat kislotasynda tetraedri, bir öýjükli feodariniň skletinde ikosaedry, poliomielit wirusynyň formasynda dodekaedry görmek bolýar.
Makalada agzalanlardan görnüşi ýaly, düşünjeleriň arasyndaky baglanyşyklary gözlemek, tapmak ýa-da dikeltmek kämil başarnyga ýetmeklige ugrukmakdyr. Bu ýerde, gürrüňi diňe bir takyk ylym hakda etmän, eýsem, adaty dünýägaraýşy giňeltmek, bilimleri çuňlaşdyryp öwrenmekligi hem nygtamak isleýäris. Çünki şeýle aňyýetli kämil ýaş nesiller bolup ýetişmek ösýän innowasion tehnologiýalar bilen gurşalýan ata Watanymyz üçin zerurlykdyr.
Enejan JAPAROWA,
Saýat etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.